Belarus: taryhyň tagamy, tebigatyň ýalkymy, kalbyň mähri

Belarus — bu sözde gadymyýet häzirki zaman bilen sazlaşykly utgaşypdyr, ajaýyp tebigaty bolsa gözelligi bilen özüne çekýär. Bu ýerde her kim özi üçin bir zat tapar: gadym zamanlaryň çuňluklaryna gyzykly syýahat bolsun, köl kenarynda asuda dynç alyş bolsun ýa-da halk baýramlaryna gatnaşmakdan alnan ýagty täsirler bolsun.

Minsk — gadymyýeti halaýanlar üçin ajaýyp saýlaw. Baý, müňýyllyk taryhy bolan şäher özünde köp sanly binagärlik ussatlyk eserlerini saklaýar. Köne şäheriň asuda köçejiklerinde pyýada gezelenç ediň, heýbetli Mukaddes Ruh soboryna tomaşa ediň, XIX asyryň jaýlary saklanyp galan «Taryhy hatarlar» toplumyna baryň ýa-da Ýeňiş meýdançasynda sowet döwrüniň atmosferasyna çümüň. Ýurduň we onuň halkynyň ykbaly barada has köp zat bilmek üçin Belarusyň Milli taryh muzeýine baryp görmek mümkinçiligini elden bermäň.

Eger kalbyňyz dymyşlygy we tebigat bilen birligi küýseýän bolsa, hökman Polesýe boýunça syýahata ugraň. Bu ýerde Size gyrasyz ýaşyl düzlük, lowurdaýan köller we rowaýatlary saklaýan gadymy tokaýlar garaşýar. Pripýat derýasynda gaýykda gezelenç ediň, Belarusyň nyşany bolan zubrlaryň ýaşaýan özboluşly «Belowežskaýa Puşça» milli seýilgähine baryň ýa-da bozulmadyk tebigatyň gujagynda dymyşlykdan we asudalykdan lezzet alyň.

Pridwinýe ülkesi — arassa kölleriň, çägeli plýažlaryň we iňňeýaprakly tokaýlaryň mekany. Bu ýerde şuwlaýan sosnalaryň arasyndaky mähirli oba mülkünde dynç almak, gözel kölde balyk tutmak ýa-da gündogar slawýan sebitiniň iň uly üç derýasynyň biri bolan Dwina boýunça ýelkenli gämide gezmek bolýar. Wakalara baý günden soň bolsa täze ýerli önümlerden taýýarlanan Belarus aşhanasynyň tagamlaryny dadyp görmek bolýar.

Umuman, Belarus aşhanasy gurmanlar üçin hakyky baýram. Pampuşkaly ysly borşçy, smetanaly şireli dranikini, dürli içlikli örän tagamly warenikini ýa-da ýemişlerden we miwelerden taýýarlanan däp bolan kiseli dadyp görüň. Belarus çöregini hem unutmaň — ol agyzda edil eräp gidýär.

Belaruslaryň hakyky durmuşyna çümmek isleýänlere halk baýramlarynyň birine baryp görmek maslahat berilýär. Maslenisa, Kupalýe ýa-da Dožinki — saza, tansa, şatlyga we däp bolan Belarus güýmenjelerine baý ýagty wakalar.

Belarus syýahatçylygyň ähli görnüşleri üçin açyk: pyýada ýörişli we derýalar boýunça salda ýüzmekli işjeň ekologik syýahatçylykdan başlap, kölde asuda dynç alyşa çenli. Aw we balyk tutmak höwesjeňleri bu ýerde ajaýyp şertleri, türgenler bolsa häzirki zaman sport toplumlaryny taparlar. Minskde söwda höwesjeňleri üçin köp sanly söwda merkezleriniň we butikleriň gapylary açyk.

Belarusa täze täsirler üçin, baý medeniýet we myhmansöýer adamlar bilen tanyşmak üçin gelýärler. Bu ýerde Siz gözlän zadyňyzy taparsyňyz: taryhy görmeli ýerlerden gözel tebigata çenli, tagamly aşhanadan ýagty halk baýramlaryna çenli!

Andreý, BelDiscovery kompaniýasynyň direktory